Birža söwdalarynda eksporta suwuklandyrylan gaz, içerki bazara polipropilen ýerlenildi

Birža söwdalarynda eksporta suwuklandyrylan gaz, içerki bazara polipropilen ýerlenildi

17-nji dekabrda geçirilen birža söwdalarynda Owganystanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan öndürilen suwuklandyrylan gazyň tapgyryny satyn aldylar diýip, Vestiabad habar berýär.

Içerki bazar üçin türkmen telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilýän «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn aldylar.

Söwdalaryň netijeleri boýunça jemi iki sany täjirçilik şertnamasy baglaşyldy. Olaryň umumy bahasy 1 million manada we 202,3 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Söwdalaryň netijeleri Türkmenistanyň energiýa serişdelerine we himiýa senagatynyň önümlerine hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de ýurduň içinde durnukly islegiň bardygyny tassyklaýar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993