Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Imperatory döwletara gatnaşyklarynyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Imperatory döwletara gatnaşyklarynyň geljegini maslahatlaşdylar

19-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy. Onuň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Ýaponiýa täze tehnologiýalar we ýokary senagat önümçiligi babatda dünýäde öňdebaryjylaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolan Türkmenistanda olary tygşytly we netijeli özleşdirmekde ýapon tehnologik çözgütlerine hem-de tejribesine esaslanylýandygyny aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ekologik abadançylyga möhüm ähmiýet berýändigine ünsi çekip, “ýaşyl” energetika, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologik tehnologiýalar ulgamlarynda ýapon işläp taýýarlamalaryna gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga açykdygyny tassyklap, özara gatnaşyklary ösdürmäge goşýan ägirt uly şahsy goşandy üçin Imperatora minnetdarlyk bildirdi.

Imperator Naruhito döwlet Baştutanymyzy giň wekilçilikli forumyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ornuny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygyň türkmen we ýapon halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993