Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna bardy

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna bardy

21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl sammitine gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen bardy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, GDA-nyň resmi däl sammitleri agza döwletleriň Baştutanlaryna ynanyşykly dialogy alyp barmaga mümkinçilik berýän möhüm meýdança öwrüldi. Şeýle duşuşyklar, resmi mejlislerden tapawutlylykda, ýörite bellenen gün tertibi bilen çäklendirilmän, sebit durnuklylygy, ykdysadyýet we medeni hyzmatdaşlyk ulgamlaryndaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly şertleri döredýär.

Şeýle formatda tamamlanyp barýan ýylyň netijeleriniň jemlenilmegi, geljek üçin meýilnamalaryň kesgitlenilmegi döwlet Baştutanlarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga, wajyp meseleler boýunça çözgütleri tapmaga ýardam berýär. Sammitiň bu formaty GDA ýurtlaryny diňe taryhy we geografik umumylygyň däl, eýsem, Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygy gorap saklamak boýunça umumy maksadyň hem baglanyşdyrýandygyny görkezýär.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşykda ygtybarly hyzmatdaş we parahatçylyk dörediji merkez hökmünde möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyz ykdysady, ulag-logistika ulgamlaryna aýratyn üns berip, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mazmun taýdan baýlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär.

Türkmenistanyň halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlary Arkalaşyk boýunça hyzmatdaşlaryň goldawyna eýe bolýar. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyz energetika diplomatiýasyny we ekologiýa howpsuzlygyny yzygiderli ilerledýär. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistan GDA-nyň iri medeni, sport çäreleriniň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülip, ruhy gymmatlyklary gorap saklamaga hem-de halklaryň arasynda dostlugy pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993