Hazarly-2 täze gaz guýusy Lebap welaýatynyň gaz çykaryş kuwwatyny berkidýär

Hazarly-2 täze gaz guýusy Lebap welaýatynyň gaz çykaryş kuwwatyny berkidýär

Lebap welaýatynda “Lebapgazçykaryş” müdirligi tarapyndan täze gurlan “Hazarly–2” gaz guýusynyň senagat taýdan özleşdirmek işleri başlandy diýip, Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berýär.

Burawlaýyş işleri “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Marynebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi. Guýy “Böwrideşik” gaz ýatagynyň golaýyndaky geljegi uly bolan "Hazarly" meýdançasynda ýerleşýär we bu ýerdäki ilkinji önüm beriji nokat boldy.

Täze guýynyň taslama kuwwaty gije-gündizde 120 müň kubmetr tebigy gaza deňdir. Bu bolsa ýurduň içinde we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň çykarylyşyny artdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.

Müdirligiň önümçilik görkezijileri durnukly ösüşi görkezýär.Şu ýylyň 11 aýynyň dowamynda gaz çykarmak boýunça meýilnama 101%-den gowrak ýerine ýetirildi we 8,516 mlrd kub metr gaz alyndy. Ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 9,3 mlrd kub metre ýetmegine garaşylýar.

Hasabat döwründe 28 039 tonna gaz kondensaty alyndy, bu bolsa meýilnamadan 2 235 tonna artykdyr.

Tebigy gazyň eksport göwrümi meýilnamadan tas 41% ýokary boldy. Bu bolsa daşary ýurtly sarp edijilere goşmaça 1,38 mlrd kub metr gazyň ugradylandygyny aňladýar.

Ýylyň başyndan bäri müdirligiň gaz çykaryjy kärhanalary jemi 20,908 mlrd kub metr gaz çykaryp, ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine uly goşant goşdular.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993