Bezeg bäsleşigi geçirildi

Bezeg bäsleşigi geçirildi

Täze — 2026-njy ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebimizde talyp toparlarynyň arasynda baýramçylyk bezeg işleri boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik talyplaryň döredijilik ukyplaryny we täze ýyl arçasyny bezemekdäki başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen guraldy.

Täze ýylyň öň ýanynda baýramçylyk ruhuny döretmek üçin talyplaryň toparlaýyn taýýarlan we her bir toparyň özboluşlylygyny, döredijilikli bezeg işleriniň häsiýetini görkezýän işlerine seljerme berildi.

Bäsleşige gatnaşyjy toparlaryň her biri baýramçylyk bezeglerini täzeläp, döredijilikli çözgütleri we täze pikirleri hödürlediler. Bu bäsleşik talyplaryň ukyplaryny, toparlaýyn işiň ähmiýetini, döredijilikli işlere gatnaşmaga bolan isleglerini açyp görkezdi we talyplara dürli ugurlarda döretmek we ösüşe goşant goşmak üçin täze mümkinçilikleri berdi. Bäsleşikde aýratyn tapawutlanan toparlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993