Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Aşgabatda 2026-njy ýylyň 28–30-njy aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli türkmen-hytaý işewürlik forumyna we sergisine taýýarlyk işleri başlandy. Öňde boljak çäreler iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm halkara meýdança bolar.

Çäräniň resmi guramaçylary hökmünde «Talwas Ýoly» paýdarlar jemgyýeti we onuň «Oguz Forum & Expo» bölümi, şeýle-de Türkmenistanyň Logistika assosiasiýasy çykyş edýär. Forum logistika, ulag, eksport-import ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle-de Türkmenistanyň we Hytaýyň ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga gönükdirilendir.

Bu başlangyç türkmen logistika kompaniýalaryny goldamaga, olaryň halkara bazarlardaky gatnaşygyny giňeltmäge we Türkmenistanyň sebitleýin möhüm ulag-logistika merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrmaga niýetlenendir.

Öňde boljak türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we daşary söwda gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan syýasatyň logiki dowamyna öwrüler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993