Şu günler ýurdumyzyň ähli pudaklaýyn edara-kärhanalarynda Täze ýyl mynasybetli şowhunly çäreler guralýar. Geçen hepdede nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynda hem baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylyp, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde geçirilen Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan çäre hem şeýle dabaralaryň biri bolup, oňa nebitgaz toplumynyň işgärleri, olaryň çagalary gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasynda bolan çykyşlarda bellenilişi ýaly, türkmenistanlylar ynam we ruhubelentlik bilen Täze ýyly garşylaýarlar.
Täze ýyl arçasynyň ýanynda Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp owazlarda söýgi, mähir, gözellik we hoşniýetlilik hakynda aýdymlar ýaňlandy. «Galkynyş» folklor toparynyň, «Ruhubelent çagalar» tans toparynyň zehinli çagalarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren tanslary dabaranyň täsirini artdyrdy. Täze ýyl dabarasynda çagalaryň arasyna Aýazbaba bilen Garpamygyň gelmegi iň gyzykly we şatlykly pursatlaryň biri boldy. Çagalar Aýazbabadyr Garpamyk bilen bilelikde bezemen arçanyň daşyndan aýlanyp, şadyýanlyk bilen aýdym aýtdylar. Bu ýerde ýurdumyzyň teatrlarynyň artistleriniň çagalar üçin taýýarlan ertekiler dünýäsinden gysgaça sahna oýunlary dabara gatnaşyjylaryň ählisinde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Elbetde, Täze ýylyň sowgatsyz geçmejegi düşnükli. Bu sapar hem Aýazbabadyr Garpamyk çagalaryň ählisine dürli oýunjaklary we süýjülik sowgatlary paýladylar.
Täze — 2026-njy ýyly garşylamak mynasybetli geçirilen dabaraly çäre hemmelere ýakymly duýgulary bagyş edip, olaryň ruhuny galkyndyrdy.