“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň Jemagat hojalygy kärhanasy işgärleriniň çagalary üçin giň gerimli baýramçylyk çäresini gurnady. Dabara «Ýyldyz» medeni-dynç alyş merkezinde geçirildi.
Körpeler üçin A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleriniň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň gözbagçylarynyň gatnaşmagynda şüweleňli we şowhunly programma taýýarlanyldy. Çagalar Aýaz baba we Garpamyk bilen baýramçylyk tanslaryny ýerine ýetirdiler, tansly fleşmoblara we interaktiw oýunlara gatnaşdylar.
Baýramçylyk maksatnamasy tamamlanandan soň, kärhananyň hünärmenler birleşiginiň komiteti çagalar we olaryň ene-atalary üçin furşet gurady. Körpelere Täze ýyl sowgatlary berildi. Bu barada turkmennebit.gov.tm saýty habar berýär.