Birža söwdalarynda Owganystanyň işewürleri karbamid we suwuklandyrylan gaz satyn aldylar

Birža söwdalarynda Owganystanyň işewürleri karbamid we suwuklandyrylan gaz satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň, Gruziýanyň telekeçilerine nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 972 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 345 million 219 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, nebit koksuny we polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), hlorly kalini («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), portlandsementi, nah ýüplügi satyn aldylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993