Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara sergileriň we maslahatlaryň takyk meýilnamasyny resmi taýdan neşir etdi.
· 10-12-nji fewral – Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi
· 17-19-njy mart – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi we Birleşmäniň agzalarynyň maslahaty
· 18-nji mart – Hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» atly halkara forum
· 14-16-njy aprel – «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty
· 28-30-njy aprel – Türkmen-hytaý işewürlik maslahaty we sergisi
· 12-14-nji maý – «Agro Pack Turkmenistan-2026» halkara sergisi
· 24-25-nji maý – «Ak şäherim Aşgabat» XXV köpugurly halkara sergisi
· 4-6-njy iýun – «Turkmentextile Expo-2026» halkara sergi-maslahaty
· 19-22-nji awgust – «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy
· 17-19-njy sentýabr – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi
· 1-30-njy oktýabr – Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF)
· 10-12-nji oktýabr – «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş, bilim we sport» halkara sergisi we ylmy maslahaty
· 21-23-nji oktýabr – «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» halkara maslahaty we sergisi
· 3-5-nji noýabr – «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» halkara sergisi we maslahaty
· 24-26-njy noýabr – «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş – 2026» halkara maslahaty we sergisi hem-de «Türkmentel – 2026» halkara sergisi we ylmy maslahaty.