Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji perzendine Atamyrat diýip at goýdular

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji perzendine Atamyrat diýip at goýdular

Aşgabatda 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda şatlykly waka boldy — Täze ýylyň ilkinji perzendi dünýä indi. Bäbek paýtagtymyzyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde doguldy. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Bu şatlykly waka Emir Gaýypowyň we Şeker Begenjowanyň maşgalasynda boldy. Türkmenistanyň ilkinji raýatynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda dogulmagy aýratyn bir many berýär. Bagtly ene-ata öz ilkinji perzentlerine Atamyrat diýip at dakdylar.

Lukmanlaryň berýän maglumatyna görä, täze doglan bäbegiň ýagdaýy kanagatlanarly diýlip baha berilýär. Çaganyň agramy 3 kilogram 100 gram, boýy bolsa 48 santimetr. Ene we bäbek ylmy-kliniki merkeziň ýokary hünärli lukmanlarynyň gözegçiliginde saklanýar.

Bu şanly waka mynasybetli, täze doglan bäbegiň maşgalasyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993