Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin 2026-njy ýylda Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Bu barada M.Mişustin Täze 2026-njy ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatynda belledi.
“Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi täze — 2026-njy ýyl mynasybetli gutlaýaryn”.
“Rus-türkmen gatnaşyklarynyň dostluk, özara hormat goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak ruhunda üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belleýärin. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, ynsanperwer hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar, dürli ulgamlarda geljegi uly bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär.
Täze ýylda köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine, täze başlangyçlara badalga bermek üçin amatly şertleriň dörediljekdigine ynanýaryn. Munuň özi Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly derejede laýyk gelýär.
“Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, dostlukly Türkmenistanyň raýatlaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin!” diýlip gutlagda aýdylýar.