Türkmenistan Germaniýa bilen hyzmatdaşlygyň täze sepgitlere ýetirilmegine uly ähmiýet berýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere şanly 70 ýaş toýy mynasybetli gutlag hatynda belledi.
“Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere şanly 70 ýaş toýy mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi” diýlip, TDH habar berýär.
“Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de täze sepgitlere ýetirilmegine uly ähmiýet berýäris” diýip, döwlet Baştutany hatynda belleýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Federal Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýere berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň halkynyň abadançylygyna we gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.