Ýylyň wagyzçysy

Ýylyň wagyzçysy

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Ýylyň göreldeli wagyzçysy» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi tarapyndan geçirilen bu bäsleşikde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatyny, ýurdumyzyň durmuşynda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri, gazanylýan zähmet üstünliklerini, halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň yzygider gowulandyrylyşyny, ähli ulgamlaryň toplumlaýyn ösdürilişini giň halk köpçüligine wagyz etmekde, jemgyýetçiligi arassa, halal zähmete ruhlandyrmakda ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden tapawutlanan işjeň wekiller saýlanylýar.

Döwlet möçberinde geçirilýän bu bäsleşigiň ýeňijileriniň arasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama» müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Baýramsoltan Gurbanowa hem bar.

Maslahatyň dowamynda ýeňijilere TDP-niň Syýasy Geňeşiniň Hormat haty we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993