«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» tresti 2025-nji ýylyň 11 aýynda takmynan 3 million 684 müň 540 tonna nebit çykaryp, meýilnama görkezijilerini 9 göterim artygy bilen berjaý etdi. Tebigy gaz çykarmagyň möçberi bolsa 4 milliard 218 million 600 müň kub metrden geçip, bu ugurda meýilnama 166,92 göterim ýerine ýetirildi.
Konserniň Balkan welaýatynda ýerleşýän önümçilik kärhanalary ýokary zähmet görkezijilerine eýe boldular. «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümine «Nebitgazçykaryş» trestinden başga-da, «Nebitgazburawlaýyş» we «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestleri girýär.
Gazanylan netijelere «Goturdepenebit», «Nebitdagnebit», «Gamyşlyjanebit», «Keýmir», «Gumdagnebit», «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirlikleri, şeýle hem «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi uly goşant goşdular diýip, turkmennebit.gov.tm saýty habar berýär.