TNGIZT 2025-nji ýylyň 11 aýynda sarp edijilere 1,3 million tonnadan gowrak benzin ugratdy

TNGIZT 2025-nji ýylyň 11 aýynda sarp edijilere 1,3 million tonnadan gowrak benzin ugratdy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) sarp edijileri ýokary hil standartlaryna laýyk gelýän awtomobil ýangyjynyň dürli görnüşleri bilen durnukly üpjün edýär.

2025-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda kärhananyň hünärmenleri tarapyndan dürli kysymly ýokary hilli benziniň 1 million 345 müň tonna golaýy öndürildi we sarp edijilere ugradyldy diýip, turkmennebit.gov.tm saýty habar berýär.

Yzygiderli döwrebaplaşdyrylýan we täze önümçilik desgalary bilen enjamlaşdyrylýan zawodlar toplumy kerosin we dizel ýangyjy, mazut we polipropilen, çalgy ýaglary we nebit koksy, nebit bitumy we suwuklandyrylan gaz ýaly önümleriň öndürilişinde hem ýokary netijeleri görkezdi.

TNGIZT-de uglewodorod çig malyndan alynýan önümler dünýäniň ýokary hil standartlaryna doly jogap berýär.

Umuman alanyňda, hasabat döwrüniň dowamynda zawodlar toplumynda 4 million 506 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Bu görkeziji meýilleşdirilen meýilnamadan 6,7 göterim ýokarydyr.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993