Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we Pakistanyň ilçisi 2026-njy ýylda bilelikdäki çärelere taýýarlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we Pakistanyň ilçisi 2026-njy ýylda bilelikdäki çärelere taýýarlygy maslahatlaşdylar

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Farýal Legari bilen duşuşyp, şu ýyl üçin meýilleşdirilýän ýokary derejeli döwlet saparlaryna taýýarlyk görmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar täze ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin bilelikdäki çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatda giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky altynjy mejlisiniň, iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeleriniň we Türkmen-Pakistan işewürler forumynyň geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, şu ýyl gol çekilmegi göz öňünde tutulýan ikitaraplaýyn resminamalaryň sanawyna seredilip geçildi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993