Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hindistanyň ilçisi bilen ýokary derejedäki saparlary guramaklygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hindistanyň ilçisi bilen ýokary derejedäki saparlary guramaklygy maslahatlaşdy

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Diplomatlar şu ýylyň dowamynda ýokary döwlet derejesindäki saparlary we duşuşyklary guramak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň özara saparlarynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän syýasy geňeşmeleriň deslapky gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Söwda-ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi we onuň indiki mejlisini ýakyn wagtda geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda geljekki duşuşyklarda we saparlarda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalaryna hem seredilip geçildi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993