Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmegiň meýilnamalaryny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmegiň meýilnamalaryny tassyklady

Prezident Serdar Berdimuhamedow 9-njy ýanwarda geçirilen 2026-njy ýylyň ilkinji Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny ösdürmek boýunça hödürlenen meýilnamalary tassyklady diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, maliýe pudagynyň meýilnamalarynda bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, hususy telekeçiligi goldamak we döwlet emlägini dolandyrmagy kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ykdysadyýetiň hususy pudagyny karzlaşdyrmaga we önümçilik kuwwatlyklarynyň netijeliligini seljermäge aýratyn üns berler.

Nebitgaz toplumynyň 2026-njy ýyldaky ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda şular bar – “Galkynyş” ägirt uly gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlaryna başlamak; Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň "Arkadagyň ak ýoly" diýlip atlandyrylýan Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny üstünlikli dowam etdirmek girýär.

Gurluşyk toplumy Aşgabat şäherinde täze desgalary gurmaga we ýol düzümini döwrebaplaşdyrmaga gönükdiriler.

Obasenagat toplumynda pagtaçylykda we däneçilikde innowasion usullary ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutany suw serişdelerini tygşytly ulanmaga hem-de meşhur ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Ulag we aragatnaşyk ulgamynda 2026-njy ýylda täze demir ýol menzillerini, deňiz gämilerini gurmak, teplowozlary we wagonlary abatlamak göz öňünde tutulýar. Prezident halkara ulag geçelgeleriniň işini giňeltmegiň, üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri döretmegiň we olaryň möçberini artdyrmagyň möhümdigini belledi.

Daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň hatarynda - BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäginde Türkmenistanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek; Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) bilen hyzmatdaşlyk we Halkara Energetika Agentligi bilen gatnaşyklary berkitmek; Ýurduň Ýewraziýanyň iň iri logistik habyna öwrülmegi üçin halkara ulag geçelgelerini ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Bilim ulgamynda esasy üns ýaşlary ýokary tehnologiýalar ugruna çekmäge we amaly innowasiýalary ösdürmäge gönükdiriler.

2026-njy ýyl ýubileý ýyly bolar — Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny dabaraly bellär. Şunlukda, halkara forumlary geçirmek, Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýadygärlikleri dikeltmek we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna täze gymmatlyklary hödürlemek meýilleşdirilýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993