Ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat

Ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahat türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli tagallalary netijesinde täze taryhy eýýamda ahalteke bedewiniň Türkmenistanyň esasy nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrülendigini ýüze çykardy.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de dabaraly maslahata gatnaşyjylary, olaryň üsti bilen ähli halkymyzy täze ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlag sözlerini beýan etdiler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993