12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Türkmenistanyň DIM-nde habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Sebitleýin we halkara meseleleriniň birnäçesine seredilip geçildi, şeýle hem öň gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde 2026-njy ýylda işleri durmuşa geçirmegiň nobatdaky ädimleri kesgitlendi.