TDHÇMB-niň söwdalarynda eksporta we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi

TDHÇMB-niň söwdalarynda eksporta we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Özbegistanyň, Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny we binýatlyk ýagyny (“Türkmennebit” döwlet konserni) satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň, Serbiýanyň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, arassalanmadyk guradylan buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 172 million 780 müň manada deň bolan gaplaýyş plýonkasyny, nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem nah ýüplügini satyn aldylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993