Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ÝB-niň ilçisi bilen ýokary derejedäki saparlara taýýarlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ÝB-niň ilçisi bilen ýokary derejedäki saparlara taýýarlygy maslahatlaşdy

14-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen geçiren duşuşygynda geljekki saparlara taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

“Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iň ýokary we ýokary derejeli geljekki saparlara taýýarlyk görmäge aýratyn üns berildi” diýlip habarda aýdylýar.

Taraplar birnäçe sebitleýin we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Diplomatlar şeýle hem ýokary tehnologiýalar, ulag, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak we ýokary hünär bilimi ugurlary boýunça häzirki dowam edýän we geljekde mümkin bolan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993