Aşgabatda SPEKA-nyň ýokary derejeli hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum geçiriler

Aşgabatda SPEKA-nyň ýokary derejeli hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum geçiriler

Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPECA) 2026-njy ýylyň 20-23-nji ýanwary aralygynda Aşgabatda geçiriljek Ýokary derejeli hepdeligiň dowamynda her ýylky ykdysady forumyny we Ýolbaşçy geňeşiň 20-nji sessiýasyny geçirer.

BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) habar bermegine görä, bu çäreler sebit hyzmatdaşlygy üçin esasy meýdança bolar hem-de söwda, ulag we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge hyzmat eder.

Forumyň esasy mowzugy - «Durnukly ösüş üçin sebitara arabaglanyşyk». Onuň barşynda energetika, ulag we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmak hem-de SPEKA ýurtlarynyň kanunçylygyny sazlaşdyrmak ýaly meselelere gönükdiriler.

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçjek forumyň dowamynda SPEKA-nyň möhüm strategik resminamalaryny, şol sanda Hazarüsti geçelgäni sanlylaşdyrmagyň Ýol kartasyny we 2030-njy ýyla çenli ösüş Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň barşyna serediler.

BMG-niň bu ýörite maksatnamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini dünýä hojalygyna utgaşdyrmaga we sebitara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir. 1998-nji ýylda döredilen maksatnama ilkibaşda Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany we Özbegistany öz içine alýardy. Soňra bu taslama Owganystan, Azerbaýjan we Türkmenistan hem goşuldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993