Türkmenistanyň we Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçylary ýokary derejedäki duşuşyklary geçirmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçylary ýokary derejedäki duşuşyklary geçirmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzingeriň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar BMG, ÝB we ÝHHG ýaly köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda diplomatlar şu ýyl iň ýokary we ýokary derejeli duşuşyklary gurnamagyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Mundan başga-da, özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993