«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işgärleri 2025-nji ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemlediler.
Geçen ýylyň dowamynda Türkmenbaşydaky zawodyň hünärmenleri uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemekde we ýokary hilli nebit önümlerini öndürmekde uly netijelilik görkezdiler.
Geçen ýyl toplumyň kärhanalaryna turbalar we deňiz ýoly arkaly jemi 4 million 955 müň 700 tonna nebit gelip gowuşdy we gaýtadan işlenildi. Bu görkeziji öňki ýyl bilen deňeşdirilende 107,9% ösüşi aňladýar.
Geçen ýylyň dowamynda öndürilen önümleriň möçberi:
· Benzin: 1 484 900 tonna;
· Kerosin: 434 müň tonna;
· Dizel ýangyjy: 1 539 800 tonna;
· Suwuklandyrylan gaz: 124 200 tonna;
· Polipropilen: 57 600 tonna;
· Çalgy ýaglary: 54 100 tonna;
· Nebit bitumy: 458 400 tonna.
Döwrebap senagat kärhanasy iş depginini yzygiderli ýokarlandyrmagy dowam etdirýär. Toplumyň ähli tehnologik tapgyrlarynyň doly awtomatlaşdyrylandygy hünärmenlere we işçilere bellenilen önümçilik meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge we artygy bilen berjaý etmäge mümkinçilik berýär. Bu barada turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.