Tokioda 2026-njy ýylda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meýilnamalary maslahatlaşyldy

Tokioda 2026-njy ýylda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meýilnamalary maslahatlaşyldy

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Tokioda Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen geçiren duşuşygynda 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny maslahatlaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşygyň maksady 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny, şol sanda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin Türkmenistanda bilelikdäki ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy diýlip, DIM-niň habarynda aýdylýar.

Ýapon tarapy 2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Tokio şäherinde geçirilen ilkinji «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Sammitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň beýan eden ykdysady taslamalary boýunça, şol sanda sirkulýar ykdysadyýet taslamasy boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny tassyklady.

Duşuşykda şeýle hem Arkadag şäherindäki lukmançylyk klasterini mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy, bu işe «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.» ýapon kompaniýasy işjeň gatnaşýar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar 2026-njy ýylda Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki 16-njy mejlisini geçirmek üçin degişli senäni bellemek barada ylalaşdylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993