Türkmenistan we UNESCAP hyzmatdaşlygy netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga taýýarlygyny mälim etdiler

Türkmenistan we UNESCAP hyzmatdaşlygy netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga taýýarlygyny mälim etdiler

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Şombi Şarp bilen geçiren duşuşygynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

“Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtamak bilen, durnukly ösüş, ulag we energetika, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, şeýle hem SPECA-nyň çägindäki hyzmatdaşlyk ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň netijelerine oňyn baha berdi” diýip, DIM habar berýär.

Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmäge, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (ECOSOC) we degişli forumlarynyň işine işjeň gatnaşmaga ygrarlydygy bellenildi. Duşuşykda sanlylaşdyrma, kagyzsyz söwdany ösdürmek, «Bir penjire» ýörelgesini ornaşdyrmak, şeýle hem UNESCAP-yň institutlary bilen amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmen tarapy UNESCAP-yň ýurduň halkara we sebit başlangyçlaryny, şol sanda durnukly ösüşe we daşky gurşaw meseleleriniň, şol sanda Aral deňziniň howdany bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine gönükdirilen çözgütleri goldaýandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda sebitiň durnukly ösüşiniň bähbidine Türkmenistanyň we UNESCAP-yň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýarlyk tassyklanyldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993