Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça teklibi goldady

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça teklibi goldady

23-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz toplumy üçin halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyna dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynda ýokary derejeli, halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993