Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystanyň dag-magdan senagaty we nebit ministri Hedaýatulla Badri bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy esasy mowzuklaryň biri boldy.
Duşuşygyň dowamynda ilçi H. Öwezow taslamanyň durmuşa geçirilişiniň häzirki tapgyry we geljekki meýilnamalar barada giňişleýin maglumat berdi. Taraplar gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna çenli bolan böleginiň şu ýylyň ahyryna çenli gurlup tamamlanmagyna ynam bildirdiler.
TOPH gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy takmynan 1814 kilometrdir. Şolardan 214 km — Türkmenistanyň çäginden, 774 km — Owganystanyň çäginden, 826 km — Pakistanyň çäginden Hindistanyň serhedine çenli geçýär.
Belläp geçsek, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Serhetabat–Hyrat gaz geçirijisiniň «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan nobatdaky tapgyrynyň dabaraly açylyşy boldy.
TOPH-niň gurluşygynda iň döwrebap sanly tehnologiýalar, şol sanda SCADA (dispetçerlik gözegçiligi we maglumat toplama) ulgamy ulanylýar. Bu ulgam islendik nokatda gaz syzmasy ýa-da basymyň peselmegi ýüze çykanda, gazyň berilmegini awtomatiki usulda bes edýär.