Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at - myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan "tegelek stoluň" başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, 2026-njy ýylyň şeýle atlandyrylmagy Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy waka boldy. Bu şygar ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar.
Mejlisiň dowamynda bellenilişi ýaly, täze ýylyň şygary milli gymmatlyklara bolan çuňňur hormaty we Watanymyzyň geljekki ösüşiniň strategik ugurlaryny özünde jemleýär. Bedewiň syraty milli buýsanjyň, güýç-kuwwatyň we halkymyzyň ösüşe bolan ymtylmasynyň nyşanydyr. Atyň ýyndamlygy we wepalylygy bilen sazlaşýan bu şygar milli ösüş ýolumyzyň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ulgamlarda, şol sanda nebitgaz toplumynda gazanylan üstünlikler halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň aýdyň netijesidir.
Maslahata gatnaşyjylar hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan içerki we daşary syýasatyň ykdysady ösüş, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we ilatyň durmuş-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin mäkäm binýat bolup hyzmat edýändigini aýratyn bellediler.