30-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, nebiti gaýtadan işlemek we içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek, ony daşarky bazarlara ibermek, kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, önümçilik desgalarynyň kadaly işledilmegi boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagaty döwrebap derejede ösdürmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutany nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.