Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady.
Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
TDH-nyň habar berşi ýaly, 3-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer degişli resminamany döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, munuň özi sanly ykdysadyýete geçmäge, milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamaga, pudaklarda emeli aň bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutany sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.