4-nji fewralda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik hem-de söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, taraplar energetika hem-de ulag-logistika ulgamlarynda bilelikdäki iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça işleri işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berdiler.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnamany taýýarlamagyň maksadalaýyklygy nygtaldy.
Mundan başga-da, taraplar sebit we halkara gün tertibiniň birnäçe meseleleri boýunça pikir alyşdylar.