“Atabaý” känindäki ilkinji synag guýusy ýokary netijeleri görkezdi

“Atabaý” känindäki ilkinji synag guýusy ýokary netijeleri görkezdi

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Atabaý” käninde geçirilen geologiýa-gözleg we burawlaýyş işleriniň netijesinde «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri nobatdaky zähmet ýeňşini gazandylar.

Bu meýdança Merkezi Garagum nebitgazly sebitine degişlidir. Taslama çuňlugy 1 200 metr bolan «Atabaý-1» baha beriş guýusy üstünlikli burawlandy. Ýokary we aşaky hek döwürlerine degişli bolan dokuz sany gatlakda barlag işleri geçirildi we olaryň sekizsiniň gazlydygy anyklandy.

1 136–1 134 metr çuňlukda ekologiýa taýdan arassa, kükürtsiz tebigy gazyň senagat taýdan ähmiýetli akymy alyndy. Guýynyň debiti gije-gündizde 284 müň kub metr gaza deň boldy.

“Atabaý” ýatagyndaky ilkinji baha beriş guýusyndan alnan «mawy ýangyjy» sarp edijilere ýetirmek maksady bilen, ony ulanmaga bermek üçin degişli önümçilik müdirligine geçirmek meýilleşdirilýär.

Täze ýylyň ilkinji aýlarynda gazanylan bu üstünlik nebitgaz gözlegçileri üçin aýratyn ylham çeşmesi boldy. Döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda bu gazanylan netijeler ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge hyzmat eder.

Dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden satyn alynýan döwrebap tehnikalaryň we mehanizmleriň önümçilige ornaşdyrylmagy gaz ýataklaryny özleşdirmegiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993