Şu hepdede 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär diýip, Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy fewralda geçirilen we ýurduň 2026-njy ýylyň ýanwar aýyndaky durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine garalan Hökümet mejlisiniň dowamynda aýtdy.
Neşiriň bellemegine görä, öňde duran giňişleýin mejlis birinji çärýegiň esasy wakasy bolar. Onda diňe bir geçen ýylyň jemleri jemlenmän, eýsem, geljek üçin meýilnamalara hem düzedişler giriziler.
Mejlisiň dowamynda kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi we öň berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi seljeriler. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň 2025-nji ýyl üçin bitiren işlerine baha berler. Gazanylan üstünliklerden we wezipelerden ugur alyp, şu ýyl üçin durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlener.
Döwlet Baştutany ýurduň mundan beýläk-de ösmegi ugrunda öňde uly işleriň durandygyny belledi. Mejlisiň giňişleýin görnüşde geçirilmegi bolsa ähli edara-kärhanalaryň tagallalaryny has netijeli utgaşdyrmaga mümkinçilik berer.