Geofiziki işler Türkmenistanda uglewodorodlaryň çykarylyşynyň artmagyna ýardam edýär

Geofiziki işler Türkmenistanda uglewodorodlaryň çykarylyşynyň artmagyna ýardam edýär

"Türkmengaz" döwlet konserniniň "Türkmengeofizika" müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki barlaglary geçirmek baradaky önümçilik-tehnologik gullugy pudagyň öňdebaryjy düzümleriniň biri bolmagynda galýar. Kärhana 2025-nji ýylyň önümçilik meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdi: 19 million 702 müň 476 manatlyk meýilnama derek, hakykatda 20 million 720 müň 164 manatlyk geofiziki işler ýerine ýetirildi.

Gullugyň hünärmenleri döwrebap geofiziki enjamlary ulanmak arkaly "Türkmengaz" we "Türkmennebit" döwlet konsernleriniň, şeýle hem "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň ulanyş we gözleg guýularynda barlag işlerini alyp barýarlar. Bu işleriň barşynda ýerasty gatlaklaryň tehniki ýagdaýy düýpli öwrenilýär we gözegçilikde saklanylýar.

2025-nji ýylda "Galkynyş" käninde №264 we №110-njy ulanyş guýularynda geofiziki barlaglar geçirildi. "Ýylan" ýatagynda Mary welaýatyndaky №03-nji guýuda geçirilen işler gatlaklarda tehnologik düzgünleriň berjaý edilmegini üpjün etdi. Netijede ýokary basyşly tebigy gazyň senagat taýdan ähmiýetli akymlary alyndy.

Şeýle-de, geçen ýyl "Marygazçykaryş" müdirliginiň "Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy" we "Ýolguý", şeýle hem "Döwletabatgazçykaryş" müdirliginiň "Döwletabat-2" we "Döwletabat-3" ýataklaryndaky hereket edýän guýularda önümçiligi artdyrmak maksady bilen barlaglar geçirildi. Netijede, tebigy gazyň debitiniň artmagy gazanyldy.

Kärhananyň işgärleri 2026-njy ýylyň önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirmäge hem ruhubelentlik bilen girişdiler. Häzirki wagtda gelip gowşan sargytlar esasynda "Galkynyş" ýatagynyň №263 we №283 ulanyş guýularynda, "Ýylan" ýatagynyň №4 guýusynda, "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasynyň "Minara-05" gözleg guýusynda karotaž-geofiziki işleri dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň goldawy netijesinde, pudagyň maddy-tehniki binýady dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary bilen yzygiderli berkidilýär. Kärhananyň enjamlar parkyna Hytaýyň we Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly geofiziki gurallary gelip gowuşdy. Bu enjamlar ýurduň nebit we gaz guýularynda geçirilýän barlaglaryň hilini has-da ýokarlandyrmaga şert döredýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993