Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýäniň söwda ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýäniň söwda ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

10-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini, onuň hemişe özara hormat goýmaga we birek-birege goldaw bermäge esaslanýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, ýurdumyzyň dürli ugurlarda täze tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga hem-de ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýändigini belledi. Köp ýyllaryň dowamynda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlary eýeläp gelýär. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Myhman Türkiýede Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini ýokary derejede geçirmäge beren goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge we netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993