Türkmenistana ikitaraplaýyn esasda hem-de «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatynyň çäginde nemes kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyr. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýanyň DIM-niň ýolbaşçysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nemes işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen bilelikdäki duşuşygynda mälim etdi. Bu barada 12-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi öz resmi saýtynda habar berdi.
Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda energetika, şol sanda wodorod taslamalary we «ýaşyl transformasiýa», himiýa senagaty, dokma pudagy, oba hojalygy, suw hojalyk ulgamy, maglumat tehnologiýalary we emeli aň görkezildi.
Iň ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag we logistika, demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ösdürmek, şeýle hem nemes kompaniýalarynyň «Gündogar–Günbatar» we Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Orta ýol ugur boýunça üstaşyr geçelgelerini emele getirmäge gatnaşmagy bellenildi. Maliýe-bank ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi.
Ahmet Gurbanow şeýle hem Germaniýanyň Federal daşary işler ministriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygyna, şeýle-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen bilelikdäki duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyklarda «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatynyň çäginde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.