Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň wekilleri ylmy-tehnologiki hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň wekilleri ylmy-tehnologiki hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koýnuma hem-de bu assosiasiýa bilen bilelikde iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda türkmen-ýapon ylmy-tehnologiki hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada 12-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ozaldan ýola goýlan ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak we bu ugurda türkmen bazaryna mümkin bolan täze ýapon kompaniýalaryny tanyşdyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda suw arassalaýyş tehnologiýalaryny hem-de enjamlaryny ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzda degişli işleri alyp barmagy meýilleşdirýän «Tohkemy Corporation» ýapon kompaniýasynyň mümkinçilikleri, tehnologik teklipleri barada pikir alşyldy.

Mundan başga-da, duşuşykda ýerasty baýlyklary gözlemekde kwant duýujylygyny ulanýan ýokary takyklykly anyklaýyş tehnologik enjamlary öndürmäge, suwuklandyrylan gaz babatda kömürturşy gazyny bölüp aýyrmak tehnologiýa ýöriteleşen «Sustec», «Carbon Cryo Capture Co., Ltd» ýapon kompaniýalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993