«Türkmengaz» we «Türkmennebit» DK-lary «BASF Intertrade AG» kompaniýasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýar

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» DK-lary «BASF Intertrade AG» kompaniýasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýar

23-nji fewralda Aşgabatda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «BASF Group» konserniniň Şweýsariýa Konfederasiýasynda ýerleşýän «BASF Intertrade AG» kompaniýasynyň biznesi ösdürmek boýunça ýolbaşçysy W. Nikitin bilen duşuşygy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny we nebitgaz pudagyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Taraplar öň gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini we häzirki ýagdaýy gözden geçirdiler. Özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça täze teklipler öňe sürüldi. Bu teklipleriň öwrenilmeginiň ýakyn geljekdäki meýilnamalary amala aşyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

«BASF» kompaniýasy Türkmenistandaky sebitleýin taslamalara işjeň gatnaşýar. Mysal üçin, kompaniýanyň gazy arassalaýjy enjamlary Gyýanlydaky täze polimer zawodynyň toplumy üçin saýlanyp alyndy. Gerek bolan ýagdaýynda kompaniýa tehniki goldaw bermäge we geňeşçilik hyzmatlaryny amala aşyrmaga taýýardygyny bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň maksadalaýykdygy barada pikir alyşdylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993