Aşgabatdaky halkara sergide ýerli kompaniýalar çalgy ýaglaryny we awtomobiller üçin suwuklyklary hödürlediler

Aşgabatdaky halkara sergide ýerli kompaniýalar çalgy ýaglaryny we awtomobiller üçin suwuklyklary hödürlediler

2-nji aprelde Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly ilkinji uniwersal halkara sergi öz işine başlady. Bu giň gerimli sergä Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň 100-e golaý iri kärhanasy gatnaşyp, özleriniň täsirli diwarlyklaryny görkezdiler.

Sergä gatnaşýan ýerli kärhanalaryň arasynda ulag we logistika ulgamynda hyzmatlary hödürleýän, şeýle hem awtomobiller üçin dürli çalgy ýaglaryny we suwuklyklaryny öndürýän kärhanalar bar. Bellemeli zat, bu önümler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän çig mal esasynda taýýarlanylýar.

Şeýle-de, şu gezekki uniwersal sergide elektron enjamlaryny, mebelleri, plastik we polipropilen önümlerini, haly we aýakgap önümlerini öndürýän ýerli kärhanalar hem giňden wekilçilik edýärler. Ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň wekilleri toplumlaýyn maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak bilen, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993