«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri Türkmenistanyň günbatar sebitindäki känlerde uglewodorod çig malyny gözlemekde we öwrenmekde ýokary netijeleri gazandylar.
Hasabat döwründe müdirligiň önümçilik düzümleri 63 million manada golaý möçberde işleri özleşdirdiler. Şeýlelik bilen, meýilnamalaýyn tabşyryk 130 göterimden gowrak berjaý edildi, bu hem bellenilen meýilnamadan 15 million manat köpdür.
Müdirligiň hünärmenleri guýulary burawlaýyş we ulanyş döwründe geofiziki gözegçilikleriň esasy toplumyny ýerine ýetirýärler, şeýle hem önümli çuňluklarda zerur bolan geçiş işlerini geçirýärler. Gözegçilikleriň ýokary hili müdirligiň häzirki zaman maddy-enjamlaýyn binýadynyň esasynda üpjün edilýär.
Balkanabat şäherindäki barlaghanalar we ýöriteleşdirilen awtoulag tehnikasy ýurdumyzyň ýolbaşçylygynyň goldawy bilen satyn alnan öňdebaryjy daşary ýurt enjamlary bilen üpjün edilendir.
Kärhananyň işgärleri önümçilik depginini ýokarlandyryp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny täze zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga taýýarlyk görýärler.