Täze guýudan gaz akymy alyndy

Täze guýudan gaz akymy alyndy

Ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny has-da artdyrmak, tebigy baýlyklary netijeli özleşdirmek hem-de halk hojalygynyň we ilatyň energiýa serişdelerine bolan islegini ygtybarly üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler täze gaz känleriniň özleşdirilmeginde, önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda, hereket edýän desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagynda we täze guýularyň önümçilige girizilmeginde aýdyň beýanyny tapýar. Gazçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde ýerasty baýlyklaryň halkyň hyzmatyna gönükdirilmegi bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine saldamly goşant goşýar.

Şeýle netijeli işleriň biri-de «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Kükürtli liniýa önümçilik böleginde amala aşyryldy. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda bu bölege degişli Demirgazyk Kükürtli — 3 gaz guýusy işe girizildi. Täze guýudan bir gije-gündiziň dowamynda 75 müň kub metr tebigy gaz alynýar. Çykarylýan «mawy ýangyç» Darganata etrabynyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge gönükdirilýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993