“Lebapgazçykaryş” müdirligi birinji ýarym ýylda gaz çykarmak boýunça meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdi

“Lebapgazçykaryş” müdirligi birinji ýarym ýylda gaz çykarmak boýunça meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň zähmet topary 2026-njy ýylyň birinji ýarym ýylynda tebigy gazy çykarmak boýunça meýilnamany 111,1 göterim berjaý edip, ýokary netijeler gazandy. Meýilleşdirilen 4 milliard 472 million kub metr «mawy ýangyja» derek müdirligiň kärhanalary 4 milliard 966 million kub metr tebigy gaz çykardylar.

Mundan başga-da, müdirligiň ähli esasy bölümleri ýokary görkezijileri görkezdiler. Demirgazyk Balguýy göni-önümçilik çäginde 622,7 million kub metr meýilnamada 685 million kub metr gaz çykaryldy (110%). Naýyp çäginde meýilleşdirilen 181,2 million kub metre derek 193 million kub metr gaz çykaryldy (106,5%). Kükürtli çägi müdirligiň iň uly bölümi bolup, 3 milliard 668,1 million kub metr meýilnamada 4 milliard kub metrden gowrak gaz özleşdirildi we meýilnama 111,5 göterim ýerine ýetirilip, bütin müdirligiň umumy ýokary depgini kesgitlendi.

Şeýle hem, çig maly gaýtadan işlemekde oňyn depgine ýetildi. Hasabat döwründe kärhana 13 421 tonna meýilnama bilen 16 768 tonna gaz kondensatyny öndürip, meýilnamany 124,9 göterim berjaý etdi.

Toparyň üstünlikli işinde howpsuz we oňaýly zähmet şertlerini döretmek, işgärleriň hukuklaryny goramak boýunça ulgamlaýyn işleri alyp barýan, şeýle hem medeni-köpçülik, aň-bilim we sport çärelerini guraýan müdirligiň ilkinji kärdeşler arkalaşygy guramasy möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýubileý ýylynyň ikinji ýarymynda «Lebapgazçygaryş» müdirliginiň işgärler topary gazanylan önümçilik üstünligini pugtalandyrmaga we ýyllyk meýilnamany ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993