«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 12-nji awgustda Hazar deňziniň güni mynasybetli «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi diýip, TDH habar berýär.
«Berkarar» myhmanhanasynda geçirilen foruma Hökümet agzalary, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy edaralaryň hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň açylyş dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda döwlet Baştutany Türkmenistanyň deňiz ekoulgamyny goramak we bu özboluşly tebigy baýlygy geljekki nesiller üçin saklap galmak ýaly möhüm ugurlar boýunça halkara guramalary we Hazarýaka döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary we «ýaşyl» ykdysadyýeti ornaşdyrmak, ýurtda we sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem köpdürli biologiýany goramak meselelerine uly üns berilýär. Hazar sebitinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň hemmesi Hazar deňzini parahatçylyk, ynanyşmak we ekologiýa aladasy zolagyna öwürmäge gönükdirilendir hem-de Hazarýaka döwletleri we iri halkara guramalary tarapyndan giňden goldanylýar.
Maslahatda şeýle hem Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň çäklerinde soňky 20 ýylyň içinde ýerine ýetirilen işlere syn berildi. Bu resminama uglewodorod serişdelerini gözlemek, çykarmak we daşamak işinde hapalanmagyň öňüni almak, deňiz gurşawynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek we daşky gurşawa ýetirilýän täsiri bahalandyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlyk üçin binýatlyk meýdança bolup hyzmat edýär.
Tähran konwensiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmekde toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyna ünsi çekip, çykyş edenler bellenilen wezipeleri çözmekde tagallalary birleşdirmegiň, şeýle hem degişli edaralaryň we hünärmenleriň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň wajyplygyny nygtadylar. Bu nukdaýnazardan sebit ylmy ulgamlaryny berkitmek, maglumat çalşygyny giňeltmek we tutuş sebitiň ylmy-barlag institutlaryny birleşdirjek Hazar ylmy bileleşigini döretmek boýunça teklipler aýdyldy. Şunda innowasiýalary we döwrebap tehnologiýalary, gözegçiligiň hem-de monitoringiň täze usullaryny ornaşdyrmagyň, şeýle hem emeli aň we maglumat platformalary ýaly döwrebap çözgütleri peýdalanmagyň wajyplygy bellenildi.
Maslahat tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Hazar sebitinde söwda-ykdysady we durmuş-medeni gatnaşyklary ösdürmek, Hazar deňzini parahatçylyk, ynanyşmak we ekologiýa aladasy zolagyna öwürmek boýunça möhüm başlangyçlar hem-de Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňleşdirmek boýunça netijeli çäreler üçin hoşallyk bildirildi.