«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
«Otuz ýyldan gowrak wagt bäri biz özara ynanyşmaga, amaly hyzmatdaşlyga we umumy maksatlara esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýduk. Türkmenistandaky uzak möhletleýin gatnaşygymyz — 1996-njy ýyldan bäri şu ýerde işleýän PETRONAS kompaniýasynyň üsti bilen — diňe uglewodorodlary çykarmaga däl, eýsem ýerli mümkinçilikleri, infrastrukturany ösdürmäge we Türkmenistanyň energetika pudagy üçin hünär taýýarlykly işgärleri taýýarlamaga hem goşant goşdy» diýip, ministr belledi.
Ol şu ýylyň iýun aýynda PETRONAS kompaniýasynyň ýurtda 30 ýyllyk işjeňligi mynasybetli Türkmenistana baran wekiliýetiň düzüminde bolandygyny ýatlatdy. Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda iki ýolbaşçy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, nebitgaz pudagyna aýratyn üns bermäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda Malaýziýanyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk boýunça Çarçuwaly ylalaşyk resmileşdirildi.
Ministr şunuň bilen baglylykda Malaýziýanyň OGT-2026 sergisinde ýokary derejeli wekiliýet bilen görkezilýändigini, onuň düzümine nebitgaz pudagy üçin hyzmatlary we enjamlary üpjün edýän (OGSE) 15-den gowrak malaý kompaniýasynyň, şol sanda Malaýziýanyň pawilýonynda görkezilýän 7 gatnaşyjynyň girýändigini belledi.
«Biziň bu ýerdäki gatnaşygymyz Malaýziýanyň Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolmaga uzak möhletleýin ygrarlydygynyň subutnamasydyr. Biz bu hyzmatdaşlygyň maýa goýumlary, iş orunlaryny döretmek, tehnologiýalary geçirmek we ýerli üpjünçilik zynjyrlaryny ösdürmek arkaly Türkmenistana hakyky peýda getirmegini dowam etdirmegi maksat edinýäris» diýip, ministr sözüni dowam etdirdi.
Ol Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmegiň möhüm tapgyrynda durandygyny nygtady. Täze uglewodorod känlerini özleşdirmek dünýä derejesindäki inžener çözgütlerini, taslamalary netijeli dolandyrmagy, deňiz amallaryny geçirmegi we ýöriteleşdirilen tehniki hyzmatlary bermegi talap eder. Bu prosesler malaý kompaniýalarynyň güýçli ornunyň bar bolan ugurlarynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar. Olaryň hatarynda: inženerçilik, satyn almak, gurluşyk we desgalary ulanmaga tabşyrmak, şol sanda deňiz we gury ýer desgalary; ulanyş we tehniki hyzmat, burawlama işlerine goldaw, guýulara hyzmat etmek we önümçiligi ýokarlandyrmak; sanly tehnologiýalar, senagat howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak, işgärleri taýýarlamak we işgärleriň tehniki şahadatnamasy bar.
«Şu gün meniň bilen gelen kompaniýalar hut şeýle ukyplara eýedirler. Olar türkmen hyzmatdaşlary bilen diňe üpjün ediji hökmünde däl-de, eýsem ýurduň içinde gymmatlyk döretmegi maksat edinýän uzak möhletleýin hyzmatdaşlar hökmünde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrlar» diýip, ministr belledi.
«Malaýziýa we Türkmenistan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň haýsy netijelere ýetirip biljekdigini eýýäm görkezdiler. Indiki tapgyr has uly maksatly bolmalydyr: malaý tejribesini Türkmenistanyň mümkinçilikleri bilen birleşdirip, biz dünýä derejesindäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirip, ýerli mümkinçilikleri ösdürip we iki dostlukly ýurduň hökümetleri hem-de halklary üçin abadançylygy üpjün edip bileris» diýip, Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir nygtady.