OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.

OGT 2026-nyň jemleýji tehniki mejlisinde Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň wekilleri we energetika pudagynyň hünärmenleri metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligi we energetikanyň durnukly ösüşi meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hünärmenler topary metan zyňyndylaryny azaltmak, ekologiýa görkezijilerini gowulandyrmak, energiýa serişdelerinden netijeli peýdalanmaga ýardam bermek ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy, şeýle hem tebigy gazyň deňagramly we durnukly energetika geljegini üpjün etmekdäki roluny ara aldy.

Maslahatlaşyk wagtynda energetikanyň durnukly ösüşini goldamak üçin halkara hyzmatdaşlygynyň, ekologiýa jogapkärçiliginiň we energiýa netijeliliginiň ähmiýeti nygtaldy.

Jemleýji günde Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda energetika hyzmatdaşlygy boýunça aýratyn tegelek stol hem geçirildi.

Soňra OGT 2026 forumynyň işine goşan ägirt uly goşandy we halkara energetika pudagynyň wekilleriniň gatnaşygy üçin sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Resmi ýapylyş dabarasynyň çäklerinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2026” atly halkara maslahatyň we sergiň gatnaşyjylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

OGT 2026 forumy ýapylandan soň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda metbugat maslahaty geçirildi. Ol forumyň esasy temalaryny jemlemäge we onuň halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki roluny bahalandyrmaga mümkinçilik berdi, diýip, Turkmen Energy Forum habar berýär.

Nebitgaz №42
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№42

2026-njy ýylyň Oktýabr aýynyň 20-y

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993