Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.
Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Serbiýanyň we Azerbaýjanyň telekeçileri daşary ýurt walýutasyna portlandsement, pagta ýagy, bugdaý uny, süýjükök kökünden alnan glisirrizin kislotasy, şeýle hem pagta ýüplügi we mata satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 9 million 970 müň ABŞ dollaryndan geçdi.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler pagta soapstogynyň çig ýag kislotalaryny we bugdaý ununy jemi 27 million 215 müň manada satyn aldylar.