Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy

17:47 27.02.2024 2423

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/10036/original-165ddd9c0f1bec.jpg

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde hem-de iki doganlyk halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle-de iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 26-njy fewraly.

Başga makalalar
161cc6cd98e8c4.jpeg
Gaz OPEC-i döredilmez — gazyň ählumumy bazary heniz ýeterlik derejede ösmedi — Russiýanyň wise-premýeri

Ählumumy gaz bazaryna gatnaşyjylar OPEC mysalynda ählumumy bazar kadalaşdyryjysyny döretmekden heniz uzakda. RF-niň wise-premýeri Aleksandr Nowagyň bellemegine görä, gaz bazary munuň üçin heniz ösüp ýetişmedi diýip Interfaks habar berýär.


165436e125cad0.jpg
Türkmenistan we Özbegistan 2023-2024-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk «Ýol kartasyna» gol çekdiler

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri R.Meredow we B.Saidow 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol kartasyna”) gol çekdiler. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.


165436d67ef091.jpg
«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» forumynda ykdysadyýet ulgamynda hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi

1-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň netijeleri boýunça Daşary işler ministrleriniň bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Şeýle-de, bu forumyň sekretariatynyň 2024-nji ýyl üçin iş maksatnamasy tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda neşir edilen Metbugat beýanynda habar berilýär.


165436cb7c237d.jpg
Türkmenistan we Koreýa Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Hökümetara ylalaşyga gol çekdiler

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Çžiniň arasynda geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga» gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda aýdylýar.


161cab319c1eec.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow: 2021-nji ýyl örän kynçylykly bolsa-da, ýurdumyz üçin, umuman, gowy ýyl boldy

Geçip barýan ýylyň jemlerine baha bermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow örän kynçylykly bolsa-da, onuň biziň üçin, umuman, gowy ýyl bolandygyny belledi. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisinde belledi.